Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussaglar açlyk edýär


Guwantanamo Beý türmesindäki amerikan häkimiýetleri tussaglaryň Ramadan sowlandan soň has köp açlyk yglan etmeklerine taýýarlanýarlar.

ABŞ-nyň goşun sözçüsi Sam Hous Ramadan başlamazyndan öň 166 tussagyň 106-synyň açlyk yglan edendigini aýtdy.

Türme resmileriniň aýtmaklaryna görä, häkimiýetler düzgün bozan bendilere «Ramadan günä geçişini» yglan edeninden soň, açlyk yglan edýänleriň sany azalypdyr.

Guwantanamonyň sözçüsi, kapitan Robert Durand tussaglaryň açlyga gaýtadan başlap-başlamajagy indi belli bolmaly diýýär.

Eger olar açlyk yglan etseler, resmiler olaryň zor bilen, turbajyklar arkaly naharlanmagynyň dowam etdiriljegini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG