Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sobýanin çekişige gelmeýär


Moskwa şäheriniň meri Sergeý Sobýanin 8-nji sentýabrda Moskwanyň şäher häkimi wezipesine geçirilýän saýlawa gatnaşýan bäsdeşleri bilen jemgyýetçilik öňünde guralýan çekişige gatnaşmajagyny aýdýar.

Sobýaniniň saýlaw kampaniýasy boýunça wekili Lýudmila Şwetsowa Sobýaniniň saýlawçylar bilen göni gatnaşykda bolmagy has ileri tutýandygyny aýtdy.

Emma ol şäher häkiminiň beýle karara gelmeginiň anyk sebäbini aýtmady.

Moskwadan gowuşýan habarlarda aýdylmagyna görä, Sobýanin oppozisiýa kandidaty Alekseý Nawalny bilen çekişmekden çekinýär.

Nawalny şu hepdäniň başynda Sobýaniniň kämillik ýaşyna ýetmedik gyzynyň Moskwanyň merkezinde ullakan kwartira eýelik edýändigini aýtdy.

Ol bu maşgalanyň resmi yglan edilen girdeji jarnamalary boýunça beýle jaý almaga gurplarynyň çatmajagyny belledi.

Kreml bu kwartiranyň Sobýanine ol 2000-nji ýyllarda prezident adminstrasiýasynda işlän wagty berlendigini aýdýar.

Nawalny we beýleki dört oppozision kandidat duşenbe güni Moskwanyň eýeçiligindäki radio-telewideniýede göni efirdäki çekişige başlaýar.
XS
SM
MD
LG