Sepleriň elýeterliligi

Çeh alpinisti dagdan ýykyldy


Çeh respublikasyndan bolan tanymal alpinist Pakistanyň Himalaýlarynda, Gaşerbram 1 belentligine çykjak bolanda heläk boldy.

57 ýaşyndaky Zdenek Hruby Çeh Alpinistler federasiýasynyň prezidentidi.

Ol güýçli ýel we ýagyş zerarly öz daga çykýan ýoldaşy bilen 8068 metrlik belentligiň günorta-günbatar diwaryndan yza öwrülenden soň, müň metr çemesi aşak gaçdy.

Hruby dünýäniň 8 müň metrden beýik bolan 14 dag belentliginiň 8-siniň depesine çykmagy başardy.

Pakistanyň "Al-Pine» alpinistler klubyndan Karrar Haýdri Hrubynyň, maşgalasynyň islegi boýunça, Gaşerbram baza lagerinde jaýlanýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG