Ýemeniň harbylary «Al-Kaýda» diýlip güman edilýän ýaragly adamlaryň port şäher bolan Adende milliard dollarlyk gaz kärhanasyny goraýan bäş esgeri atyp öldürendiklerini aýdýarlar.
Bu hüjüm ýekşenbe güni irden bolupdyr, jeňçiler Balhaf gaz terminalynyň daşyndaky barlag nokadyndan içerik sümüp, ilki sakçyny, soň bolsa ýük konteýnerinde ýatan dört esgeri atyp öldüripdirler.
Ýemen hökümeti geçen hepde Balhaf terminalynyň «Al-Kaýda» jeňçileri tarapyndan hüjüm edilmekçi bolýan iki energiýa kärhanasynyň biridigini aýdypdy.