Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl ýene täze obalarda jaý gurýar


Gündogar Ýerusalim, täze ýewreý obalary, 11-nji awgust, 2011 ý.

Gündogar Ýerusalim, täze ýewreý obalary, 11-nji awgust, 2011 ý.

Ysraýyl Günbatar kenarda we Gündogar Ýerusalimde ýewreý obalary üçin bir müňden gowrak täze jaý gurjagyny aýdýar.

Ysraýylyň Jaý bilen üpjün etmek baradaky ministrligi şenbe güni 1187 kwartiranyň gurulmagy üçin soňky tassyknamanyň berlendigini aýtdy. Ol jaýlaryň 800-e golaýy Gündogar Ýerusalimde, 400 çemesi bolsa Günbatar kenardaky birnäçe ýewreý obasynda gurlar.

Gepleşiklerden üç gün öň

Bu habar Ysraýyl bilen Palestinanyň Ýerusalimde planlaşdyrylan ikinji tapgyr göni gepleşikleriniň üç gün öňünden yglan edilýär. Ol gepleşikler taraplaryň uzaga çeken konfliktini soňlamagy maksat edinýär.

Göni gepleşikler üç ýyllyk arakesmeden soň, geçen aý Waşingtonda dikeldildi. Iki tarapyň arasyndaky göni gepleşikler 2010-njy ýylda, täze döredilýän ýewreý obalarynda gurulýan jaýlar sebäpli togtadylypdy.

Palestinalylar bu gurluşyklar togtadylmasa, gepleşikleriň bolmajagyny aýdyp, uzak wagt aýak depdiler.

Olar Birleşen Ştatlaryň araçylyk etmekleri netijesinde, Ysraýyl uzak wagt bäri türmede saklanýan palestin tussaglarynyň 100-den gowragyny azat etjegini aýdanyndan soň, gepleşikeleriň gaýtadan başlanmagyna razy boldular.

Basylyp alnan ýerler

Ysraýylyň 1967-nji ýyldaky Ýakyn Gündogar urşunda basyp alan ýerlerinde gurlan onlarça obada bäş müňden gowrak ysraýylly ýaşaýar.

Palestinalylar ol ýerleriň Günbatar kenarda, Gündogar Ýerusalimde we Gaza zolagynda dörediljek geljekki döwletleriniň bir bölegi bolmagyny isleýärler.

Halkara jemgyýetçiliginiň köp bölegi bu täze obalary bikanun diýip hasap edýär.

Palestinanyň baş gepleşikçisi Saýeb Ýerekat ýekşenbe güni Ysraýylyň täze oba jaýlary baradaky plany parahatçylyk gepleşiklerini bozmagy maksat edinýär diýdi.

Emma ol palestinalylar parahatçylyk babatda edilen soňky tagallalara olaryň mynasyp bolan ähli mümkinçiligini bermekçi diýdi.

Ysraýyl, Birleşen Ştatlar bilen gelnen ylalaşyklara görä, dokuz aý içinde palestinaly tussaglaryň 104-sini azat etmegi wada berdi. Ol tussaglaryň ilkinji 26-sy sişenbe güni boşadyldy.
XS
SM
MD
LG