Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalna täze aýyplamalar ýöňkelýär


Orsýetiň Baş prokuraturasynyň sülçüçi, Alekseý Nawalnynyň Moskwanyň häkimligine saýlaw kompaniýasy döwründe daşary ýurtlylar tarapyndan bikanun maliýeleşdirilendigini aýtdy. Nawalny Kremli aç-açan tankyt edip gelýär.

Duşenbe güni Orsýetiň prokuraturasy, Nawalnynyň saýlaw kompaniýasy döwründe daşary ýurt tarapyndan maliýeleşdirilendigi hakynda geçen hepde parlamentiň Liberal demokratik partiýasynyň ýazan arzasynyň tassyklanandygyny yglan etdi.

Häzirki wagt Orsýetiň Baş prokuraturasy tapan delillerini jenaýat işi gozgap biljek derňewçilere tarap gönükdirdi.

Duşenbe güni Nawalnynyň saýlaw kompaniýasynyň başlygy Leonid Wolkow, saýlaw kompaniýasy üçin daşary ýurtlylardan hiç hili maliýe kömegi almandyklaryny aýtdy.

Nawalny geçen hepde çap eden blogunda, Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýaniniň ýetginjek gyzynyň paýtagtda nädip 5,27 million amerikan dollarlyk kwartirany satyn alyp biljekdigini sorag astyna goýupdy.

Sobýaniniň metbugat wekiliniň žurnalistlere beren interwýusynda bolsa, şol kwartiranyň 2006-njy ýylda prezidentlik administrasiýasy tarapyndan berilendigini we soňra onuň hususylaşdyrylandygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG