Sepleriň elýeterliligi

Pakistan Hindistany aýyplaýar


Hindistan Kaşmirde “sebäpsiz” hüjüm netijesinde bir pakistanly raýaty öldürmekde aýyplanýar. Bu ýakynda jedelli Gimalaý regionynda bolan ençeme çaknyşyklaryň iň soňkusydyr.

Pakistanyň harby resmisiniň berýän maglumatyna görä, duşenbe güni Hindistanyň goşuny hakyky manyda serhet diýip kesgitlenen üç territoriýanyň ugrunda ot açypdyr. Bu territoriýa kontrol çyzygy diýip hem bilinýär.

Şeýle-de, Pakistanyň resmileri pakistanly esgerleriň hindistanlylara ot açyp gaýtargy berendigini hem sözüne goşdy.

Hindistanyň resmileri henize çenli bu barada hiç zat aýtmadylar. Kaşmiri ikä bölýän serhetdäki dartgynlylyk 6-njy awgustda bäş hindistanly esgeriň öldürilmegi bilen möwjäpdi.

Şol hüjümde Nýu-Deli Pakistanyň harbylaryny aýyplapdy. Emma Pakistan muny ret edipdi.
XS
SM
MD
LG