Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan deputaty alnyp gaçylmady diýilýär


Owganystanyň aýal deputatynyň adamasy aýalynyň alnyp gaçylandygy hakyndaky habarlary ýalana çykardy.

Friba Ahmadi Kakaryň adamsy Mohammad Dawud ýekşenbe güni Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, aýalynyň Kandagar we Kabul aralygynda sapar edýärkä alyp gaçylandygy barada çykan habarlaryň “propagandadygyny” aýtdy.

Dawud Owganystanyň parlamentiniň Kandagar welaýaty boýunça wekili aýalynyň parlament tarapyndan planlaşdyrylan resmi sapar bilen şenbe güni Türkiýä gidendigini mälim etdi.

Ýöne Kandagar welaýatynyň ýerli gurultaýynyň başlygy Saýed Jan Hakrezwalyň aýtmagyna görä, Kakaryň adamysy ýalňyşýar. Hakrezwal, deputat Kakaryň Remezanyň dowamynda Kandagarda bolandygyny we Türkiýä gitmändigini aýtdy.

Hakrezwalyň aýtmagyna görä, Kakar we onuň dört çagasy, sürüjisi we aşpezi Gazni welaýatynda sapar edýärkä alnyp gaçylypdyr.
XS
SM
MD
LG