Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Snowdene iş hödürlendi


Orsýetiň öňde barýan sosial ulgamy Birleşen Ştatlaryň aňtaw gullugynyň gaçgaklykady öňki işgäri Edward Snowdene iş hödürledi.

“Wkontakteniň” metbugat wekili Georgiý Lobuşkin, ýekşenbe güni online sosial ulgamyň agzalaryna Edward Snowdeniň kompaniýanyň saýtynyň habarlaşmak howpsuzlygy bölüminde işlemäge çagyrylandygyny mälim etdi.

Mundan ozal hem “Wkontakte” sosial ulgamynyň döredijisi Pawel Durowyň Snowdeni Sankt-Peterburgdaky programmistler toparyna goşulmaga çagyrandygy habar berilipdi.

Waşington Snowdeni ABŞ-nyň global gözegçilik programmalary baradaky gizlin maglumatlary syzdyrandygy üçin, içalyçylyk aýyplamalary bilen gözleýär.

1-nji awgustda Snowdene Russiýa tarapyndan wagtlaýyn gaçybatalga berilipdi.
Snowden 23-nji iýunda Gong-Kokdan Orsýete geleni bäri, Moskwanyň Şeremetowa aeroportynda ýaşaýardy.
XS
SM
MD
LG