Sepleriň elýeterliligi

Dünýä Türkmenleri we Türkmen dili


Türkmen çagalary

Türkmen çagalary

Türkmenistan garaşsyzlygyna eýe boladan soň, türkmen dili ýurduň ýeke täk resmi dili diýlip ykrar edildi. Medianyň, okuw jaýlarynyň we döwlet diliniň türkmençeleşdirilmegine garamazdan, käbir maşgalalarda daşary ýurt dillerine, esasan hem Sowet döwründe bolşy ýaly rus diline ýykgyn edilýän halatlarynyň henizem göze ilýändigi aýdylýar. Bu pikiri öňe sürýänlerden biri daşary ýurtlarda okaýan we ýakynda Türkmenistana baryp gaýdan türkmen talyby Gülçemen.

Eýsem, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenler, türkmen dilini gorap saklamakda nähili ýagdaýlara duş gelýärler?

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň nobatdaky sanynda, Türkmenistandan Gülçemen, Owganystan türkmenlerinden mugallym Hasan Muradi, Pakistanda ýaşaýan türkmenlerden Weli, eýranly türkmenlerden dutarçy Aýhan we Türkiýede ýaşap ýören türkmenlerden Şahyra Aýgül bu barada pikir alyşdy.

Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Döwlet Baýhan alyp barmagynda geçirilen bu gepleşigi diňlemek üçin aşaky düwmä basyň.

XS
SM
MD
LG