Sepleriň elýeterliligi

Humaý: “Okuw programmasy gowy, mugallymlar pes”


Türkmenistanly okuwçylar

Türkmenistanly okuwçylar

Anna güni Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirilip, onda prezident G.Berdimuhamedow bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler barada hökümet resmileriniň hasabatlaryny diňledi.

Berdimuhamedow ýurduň bilim ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işlere kanagatlanarly baha berip boljagyny aýtdy. Ýöne ol bu ugurda oňat netijeleri gazanmak üçin öňde uly wezipeleriň durýandygyny hem tassyk etdi. Beýleki meseleler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň lideri “talyplaryň üç dili oňat bilmeklerini gazanmak” ugrunda hem tagalla etmelidigini aýtdy.

Eýsem, häzirki wagt Türkmenistanda mekdep okuwçylaryna we talyp ýaşlara iňlis dilini öwretmek işleri nähili alnyp barylýar, türkmenistanlylar bu barada näme diýýärler?

Türkiýede bilim alýan türkmen talyby Humaý Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolanda, Türkmenistanyň iňlis dili babatyndaky okuw programmasynyň gowudygyny, emma mugallymlaryň hünär taýýarlygynyň pesdigini gürrüň berdi.
XS
SM
MD
LG