Sepleriň elýeterliligi

Nawalna täze aýyplamalar bildirilýär


Alekseý Nawalny

Alekseý Nawalny

Orsýetiň baş prokurorlygy Kremliň tanymal tankytçysy Alekseý Nawalnynyň Moskwanyň häkimligine gatnaşmak boýunça saýlaw kampaniýasynyň daşary ýurtlardan bikanun maliýeleşdirilendigine subutnama tapandygyny aýdýar.

Duşenbe güni baş prokuratura parlamentiň liberal demokratlar toparynyň Nawalnynyň saýlaw kampaniýasy daşary ýurtlardan maliýeleşdirilýär diýip, öten hepde eden çykyşynyň indi tassyk bolandygyny aýtdy.

Baş prokurorlygyň aýtmagyna görä, Nawalna we onuň saýlaw kampaniýasynyň başlygyna 46 ýurtdan 300-den gowrak adamdan pul gelipdir. Bu adamlaryň käbiriniň ady belli, käbiri hem näbelli.

Prokurorlyk ýüze çykaran zatlaryny derňewçilere geçiripdir. Derňew bölüminiň-de Nawalna garşy jenaýat işini gozgamagy mümkin.

Aýyplamalar inkär edilýär

Nawanynyň saýlaw kampaniýasynyň başlygy Leonid Wolkow duşenbe güni kampanýianyň hasabyna daşary ýurtly ýekeje adamdan hem pul gelmändigini aýtdy.

Moskwada Dožd telekanalyna telefon arkaly beren interwýusynda Nawalnynyň özi hem bu aýdylýanlary ret etdi.

"Bu işiň näme üçin bolýandygy bize bütinleý aýdyň. Pikir soralyşyklaryň görkezmegine görä, ikiçäk saýlaw iş ýüzünde gutulgysyz. Biz muňa düşünýäris. Kremldir Moskwanyň häzirki meri Sobýanin gorkyň içinde. Olar saýlawlaryň ikinji etabyndan gorkýarlar. Şol sebäpden olaryň bir bahana tapyp, döwlet telewideniýesinde oňaýsyz habarlary ýaýratjakdygy bellidi" diýip, Nawalny aýtdy.

Baş prokuratura agzalýan pullaryň merkezi edarasy Orsýetde ýerleşýän "Ýandeks.Money" atly internet töleg sistemasynyň üsti bilen iberilendigini aýdýar.

Ýöne bu kompaniýanyň sözçüsi Asýa Melkumowanyň duşenbe güni žurnalistlere aýtmagyna görä, baş prokuroryň edarasy Nawalnynyň saýlaw kampaniýasynyň meliýeleşdirilmegi boýunça "Ýandeks.Money" bilen resmi taýdan asla habarlaşmandyr. Melkumowa Nawalnynyň saýlaw kampaniýasyna haýsy ýurtlardan pul iberilendigini anyklap bolýandygyny, ýöne bu pullary iberenleriň milletini şol bada anyklamgyň mümkin däldigini aýtdy.

Duşenbe güni Nawalnyý öz blogunda millionlarça orsuň daşary ýurtlarda dynç alyşdadygyny belläp, Russiýa Federasiýasynyň özünde-de müňlerçe adamyň daşary ýurt IP (Internet Protocol) adreslerini ulanýandygyny aýtdy.

Merlik saýlawlarynda Sobýaniniň täze möhlete saýlanyp, Moskwanyň 50 milliardlyk býujetini öz kontrollygyna aljakdygyna ynanylýar. Onuň beýleki kandidatlar bilen telewideniýede çekişme geçirmegi şenbe güni ret etmegi 8-nji sentýabra planlaşdyrylan ses berişligiň adalatlylygy barada şek-şübhe döretdi. Ilknji çekişme duşenbe güni agşam geçmeli.

Nawalny Kirow welaýatynda agaç söwdasynda takmynan 500 müň amerikan dollaryna deň puly iýenlikde günälenip, öten aý 5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol özüne bildirilýän günäleri syýasy sebäpli diýip, ret edýär.

Nawalna şöhrat getiren onuň öz internet bloglarynda hökümetdäki korrupsiýany paş etmegi boldy. Prezident Putiniň "Bütewi Orsýet" partiýasyny ilkinji bolup, "kezzaplaryň we ogrularyň partiýasy" diýip atlandyran Nawalnyý. Oppozisiýanyň üýşmeleňlerinde onuň bu sözi indi şygara öwrüldi.
XS
SM
MD
LG