Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Operasiýa etdirmezden


Karikatura
Karikatura
Operasiýa etdirmezden

Halypa ýazyjy Beki Seýtäkowyň bir gözi çagalykda ýolugan mama keseli sebäpli gapylypdy. Ýaşy 60-a ser uranda onuň beýleki gözüniň-de görüş derejesi juda peseldi. Ol geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň ortalarynda Moskwa gidip, gözüni operasiýa etdirdi.

Şol günler ýazyjylaryň Moskwanyň etegindäki Peredelkino döredijilik öýünde dynç alýan ýazyjy Hojanepes Meläýew Beki aganyň halyndan habar tutup durýan eken. Ol operasiýadan soňra halypanyň gözüniň sargysynyň aýryljak gününi anyklap, keselhana barýar.

Beki aganyň gözünden hasanyň (sargynyň) aýrylan pursady Hojanepes gapydan girýär. Ýagty jahany görüp başlanyna hem-de Hojanepesiň ýöriteläp gelmegine halypa ýazyjy begenýär. Ýöne begenjini Beki Seýtek edähedine eýerip beýan edýär:

-Gözüm açylanda ýene-de seni görjek bolsam, gözümi operasiýa etdirmezdim -diýýär. Soňra-da:

-Agaňy ýatlap geleniňe , Taňryýalkasyn! -diýip, ony gujaklaýar.

Çäýnege guýup getirende ölýämidi...

Aman Goşaýew hem-de Dädebaý Amanow döredijilige başlan uçurlary Türkmen radiosynyň edebi-drama gepleşikler redaksiýasynda Taýisa Kurdiçskaýa diýen tejribeli žurnalist zenan bilen bile işleýärdiler. Taýisanyň äri Wýaçeslaw Kurdisskiý edebi terjimeçidi.

Türkmen ýazyjylarynyň kyssa eserlerini rus diline terjime etmekde bitiren hyzmzty üçin Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp bolupdy. Wýaçeslaw Kurdisskiý 1986-njy ýylyň gyşynda aradan çykdy. Kyn ýagdaýa düşen adama kömek-ýardam etmegi borjy hasaplaýan Aman Goşa “Taýisanyň ärini jaýlamaga gideli” diýip, Dädebaýa teklip edýär.

Dädebaý howanyň sowukdygyny bahana edip, ol teklipden boýun gaçyrýar. Aman Goşa “Gideli Dädebaý, hristianlar merhumyny jaýlandan soňra merhumyň ruhuny ýatlap arak içýärler” diýip, Dädebaýyň gowşak damaryndan tutýar. Bu däp bilen bagly teklibe göwnüni bölünenden Dädebaý Aman Goşa bilen gonamçylyga gidip, il deňinde merhumy jaýlamaga gatnaşýar.

Soňra olar öňden gelýän däbe eýerip, Taýisanyň öýüne gelýärler. Merhumyň ruhuny ýatlamak üçin saçaga nahar çekilýär. Ýöne arak getirilmeýär. Aldajy sowukga gök dalak bolup üşän Dädebaý:

-Hany hristiançylyk, hany wada beren aragyň? -diýip, Aman Goşanyň üstüne sürünýär. Tapbiler Aman Goşa:

-Dädebaý, özüň bilýäň, Gorbaçýow ýurtda ser saglyk syýasatyny yglan etdi. Toý-märekede arak bermek gadagan. Taýisa bölüm müdiri, döwlet syýasatyny bozup, bize arak berse, wezipesinden aýrarlar gorkusy bardyr -diýip, Dädebaýy köşeşdirjek bolýar. Araga ymsynyp ät galan Dädebaý:

-Özgeleriň edilşi ýaly, aragy çäýnege guýup getirende ölýämidi … ganjyk -diýip, sögünipdir.

Diş döken

“Aýgytly ädim” kinofiliminiň surata düşürilýän günleri. Filimde Eziz hanyň rolunda oýnaýan SSSR-iň halk artisti Muhammet Çerkezow:

-Ýaşym altmyşdan agdy, entek bir dişim-de düşenok –diýip öwnüpdir. Kinofilmiň režisýory, SSSR-iň halk artisti Alty Garlyýewiň şol günler dişi agyrýan eken. Ol:

-Aýdýanyň rast, ýöne ähli režisýorýň-a dişini dökdüň -diýipdir.

Toplap, taraşlan Amanmyrat Bugaýew.
XS
SM
MD
LG