Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Dalaşgärler çekeleşik geçirdiler


Moskwanyň häkimi bolmak ugrunda dalaş edýän alty kandidatyň bäşisi özleriniň ilkinji çekeleşigini geçirdiler. Dalaşgärler paýtagtyň ýaşaýjylarynyň gündelik ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri barada pikir alyşdylar.

Oppozisiýa kandidaty Alekseý Nawalny duşenbe güni geçirilen çekeleşikde parahorluga garşy göreşjekdigini aýtdy. Şeýle-de Nawalny paýtagtyň iň möhüm proýektleriniň prezident Wladimir Putiniň ýakynlaryna berilendigini öňe sürdi.

Nawalny Kawkaz we Merkezi Aziýa döwletlerinden gelýän adamlara wiza režimini girizmekçi bolýandygyny hem sözüne goşdy.

Moskwanyň häzirki häkimi Sergeý Sobýanin duşenbe güni geçirilen çekeleşige gatnaşmady. 8-nji sentýabrdaky saýlawlara çenli ýene-de 11 çekeleşigi geçirmek göz öňünde tutulýar.
XS
SM
MD
LG