Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Alyýew bilen duşuşýar


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin özüniň azerbaýjanly kärdeşi Ylham Alyýew bilen gepleşmek üçin, sişenbe güni Bakuwa sapar edýär. Gepleşikleriň dowamynda giň gerimli meseleleriň maslahat edilmegine garaşylýar.

Putiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow “baglaşylmaly bäş ýa-da alty ylalaşygyň taýýar edilendigini” mälim etdi. Uşakow gürrüňi gidýän bu resminamalaryň takyk mazmuny barada maglumat bermedi. Emma olaryň, esasan, energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyk bilen baglydygy bellenilýär.

Gepleşikleriň dowamynda Hazaryň ýuridiki statusy we Daglyk Garabag meseleleriniň dagy hem maslahat ediljekdigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG