Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus oppozisioneri gaçybatalga soraýar


Russiýanyň oppozision Çepçi Front hereketiniň lideri Şwesiýadan syýasy gaçybatalga sorady.

Alekseý Sakhnin sişenbe güni çykyş edip, Şwesiýa mundan bir aý töweregi wagt ozal gelendigini aýtdy. Ol özüniň 2012-nji ýylda bolan Moskwadaky protestler bilen ilteşikli tussag edilmeginden howatyr edýändigini belleýär.

Çepçi Front hereketiniň başga bir lideri Sergeý Udalsowa we onuň ýarany Leonid Razwozžaýewe köpçülikleýin bidüzgünçilikleri gurnamak boýunça resmi taýdan aýyplama bildirilipdi. Derňewçiler 2012-nji ýylyň maýyndaky protestleri gürji syýasatçysynyň gurnandygyny öňe sürýärler.

Putine garşy geçirilen şol protestler gazaplylyga ýazypdy. Polisiýa bilen demonstrantlar çaknyşanda ençeme adam ýaralanypdy.

Protestler bilen baglanşykly 30-dan gowrak adama aýyplama bildirildi.
XS
SM
MD
LG