Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedowyň kakasyna heýkel açyldy


Mälikguly Berdimuhamedowa bagyşlanan heýkel

Mälikguly Berdimuhamedowa bagyşlanan heýkel

Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dirilikdäki kakasy – Mälikguly Berdimuhamedowa bagyşlanan heýkel açyldy.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Mälikguly Berdimuhamedow” adyndaky 1001-nji belgili harby bölüminiň täze binasynyň öňünde ýerleşdirilen heýkeliň açylyş dabarasyna, beýleki resmiler bilen birlikde ýurduň mejlisiniň başlygy, ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary dagy hem gatnaşdylar.

Içeri işler ministrliginiň ozalky işgäri, 81 ýaşly Mälikguly Berdimuhamedowa bagyşlanan bu heýkeliň beýikligi bäş metre deňdigi habar berilýär.

Şol bir wagtda, adam hukuklaryny goraýjy toparlar we günbatarly synçylar Türkmenistanda şahsyýet kultunyň ornaşdyrylýandygyny öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG