Sepleriň elýeterliligi

Ban Ki-mun Pakistanda


BMG-niň baş sekretary Ban Ki-mun iki günlük sapar bilen Yslamabada bardy. Bu sapar dawaly Kaşmir sebiti ugrunda Pakistan bilen Hindistanyň arasyndaky dörän dartgynlylyga gabat geldi.

Bu aralykda, iki tarap hem birek-biregini Kaşmir sebitinde ot açmakda aýyplaýar. Sişenbe güni hindi harbylary Pakistany öten gije serhetden ot açmakda günäkärlediler.

Ýagdaýlar 6-njy awgustda dartgynlaşyp başlapdy. Şonda Kaşmirde alty hindi esgeri öldürilipdi. Pakistan bu işe dahylynyň ýokdugyny aýdýar.

Ban prezident Asif Ali Zardari we premýer-minsitr Nawaz Şarif bilen gepleşikleri geçirmekçi bolýar.
XS
SM
MD
LG