Sepleriň elýeterliligi

Lukmanlaryň "plany" ene-atalary köseýär


Türkmen okuwçylary

Türkmen okuwçylary

Ýurtda, 1-nji awgustda başlanan, orta mekdepleriň birinji klaslaryna okuwçy kabul etmek kampaniýasy dowam edýär. Bu kampaniýa diňe bir geljekki okuwçylar däl, eýse belli bir derejede okuwçylaryň ene-atalaryny hem öz içine alýar.

Bu ýyl ilkinji gezek mekdebe barmaly çagalaryň üç arkalaryny görkezýän anketalary doldurmak bilen bilelikde ol çagalaryň ene-atasyndan biriniň saglyk barlagyndan geçmeli bolýandygy-da aýdylýar. Bu aslynda mekdebiň talaby hem däl. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, bu mekdep ýolbaşçylarynyň däl-de, lukmanlaryň islegi boýunça amala aşyrylýar.

“Eger şol barlagdan geçmeseň, saglyk öýüniň baş lukmany çagalar üçin mekdepden talap edilýän saglyk kepilnamasyna gol çekmeýär. Ol munuň ýaly barlagy her bir adam her ýyl geçmeli diýýär, emma olaryň esasy maksady öz planyny dolmak” diýip, gyzy şu ýyl mekdebiň birinji klasyna gitmeli çaganyň ejesi Aýgül Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Plan doldurmak

Lukmanlaryň plany diýen mesele 1995-nji ýylda ýurtda ”Saglyk programmasy” kabul edilip, medisina edaralary hojalyk hasaplaşygyna geçensoň ýüze çykdy. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, olardan her aýda özlerine berlen plany doldurmak talap edilýär.

Bu diýmek, näsaglary kabul edýän lukmanlar her aý öz işleýän medisina edaralarynyň kassalaryna belli bir möçberde puluň gelmegini üpjün etmeli. Bu ýagdaý barada paýtagt Aşgabadyň 1-nji saglyk öýüniň özüni Orazgül diýip tanadan lukmany Azatlyk Radiosyna şeýle gürüň berdi: “Biz her aý belli bir möçberde plan tabşyrmaly. Bu plany diňe bir maşgala lukmanlary däl, eýsem beýleki näsaglary kabul edýän lukmanlaram tabşyrmaly. Plany dolmadyk lukmanlaryň aýlyklaryndan pul tutulýan halatlary hem bolýar”.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir ene-atalar bolsa özleriniň wagtal-wagtal medisina barlagyndan geçmelidiklerini boýun alýarlar. Emma edil häzir welin, özleriniň hut çagalarynyň mekdebe başlamagy bilen ilteşikli medisina barlagyndan geçmäge mejbur edilýändiklerini aýdýarlar.

“Mekdepde çagamyň saglyk resminamasyny talap edýärler. Saglyk resminamasyny almak üçin maşgala lukmanymyň ýanyna barsam, ol özüň hem barlagdan geçmeli diýýär, ýok diýseňem, müň bir bahana tapyp, çagamyň saglyk kepilnamasyna goluny goýmaýar” diýip, adynyň agzalmagyny islemedik ýene biri gürrüň berdi.

Beýleki edaralarda hem bar

Plan tabşyrmak düzgüni beýleki saglygy goraýyş edaralarynda hem bar. Mysal üçin, döwlete degişli stomatologik edaralarynyň käbir lukmanlarynyň her aýda tabşyrmaly planynyň möçberiniň 1000 dollardan geçýändigi aýdylýar.

“Diş salýan lukmanlaryň plany has köp. Şonuň üçin olaryň iş wagtyndan soň işlemeli bolýan halatlary hem seýrek däl” diýip, paýtagtyň stomatologik medisina edaralarynyň biriniň diş lukmany, özüni Abdylla diýip tanadan medisina işgäri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Mekdebe girjek çagasynyň dokumentlerini toplamak bilen meşgullanýan ene-atanyň, mekdep tarapyndan talap edilmese-de, medisina barlagyndan geçmäge mejbur edilmegine ene-atalaryň garşy çykmaklarynyň sebäplerinden biri-de, bu barlagyň maddy tarapy.

Bir adamyň geçmeli bu medisina barlagy lukmançylyk ätiýaçlandyryşy bilen 43 manada, ätiýaçlandyryşy bolmadyga 86 manada durýar. Esasanam, bu barlaglardan aýallar geçýärler. Çünki mekdebe tabşyrmaly dokumentleri köplenç çaganyň ejesi ýygnaýar.

Plan tabşyrmak düzgüni diňe bir raýatlara däl, eýsem lukmanlaryň özlerine hem ýaramaz täsir edýär. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir lukmanlaryň aýtmagyna görä, olar plan tabşyrjak bolup, näsaglara käbir halatlarda ”o diýen zerur bolmadyk analizleri hem ýazmaly bolýarlar”.

Paýtagtyň 1-nji saglyk öýüniň lukmany Orazgülüň pikiriçe, ýurduň medisina ulgamy hojalyk hasaplaşygyna geçeli bäri medisina biznese öwrülip barýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, doly medisina barlaglardan geçmek ýokary okuw jaýlaryna girjek abituriýentlerden, işe girjek adamlardan hem talap edilýär.
XS
SM
MD
LG