Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Wise-prezidentlige aýal bellenildi


Tähranda wise-prezident Elham Aminzadeh parlamentiň ýygnagyna gatnaşýar. 12-nji awgust, 2013 ý.

Tähranda wise-prezident Elham Aminzadeh parlamentiň ýygnagyna gatnaşýar. 12-nji awgust, 2013 ý.

Hasan Rohaniniň Eýranyň täze prezidenti bolmagy üçin oňa ses berilmegine kömek eden aýallaryň köpüsi bu işi Rohani aýallaryň erkekler bilen deňhukuklylygyny ilerleder diýen umyt bilen edipdiler.

Rohaniniň 4-nji awgustda teklip eden sanawynda welin, hökümet agzalary diňe erkeklerden ybaratdy. Emma indi kabinetde bir aýal-da bar.

Ilkinji aýalyň hökümete goşulmagyna sebäp bolan zadyň saýlawçy aýallar bilen hukuk synçylary tarapyndan edilen tankytlardygyna şübhe ýok.

Aýdylyşyna görä, birnäçe uniwersitetde mugallymçylyk edýän öňki konserwatiw parlament wekili Elham Aminzadeh kanun işleri boýunça wise-prezident bellenipdir.

Aýallaryň hukugy ugrunda göreşýän eýranly tanymal aktiwist Susan Tähmasebi Aminzadäniň ýokary wezipä bellenmegini oňaýly ädim diýip, gutlaýar. Ýöne ol özüniň Rohaniden mundan köpräk zatlara garaşandygyny aýdýar: "Zenan ministrleriň bellenmegi – aýallaryň hukugy. Öňki prezident Mahmud Ahmedinejad üç sany aýaly ministrlige teklip edipdi. Parlament tarapyndan olaryň biri, hakykatdanam, oňlandy. Biz Rohaniden mundan köpräk zada garaşypdyk. Aýratyn-da ol aýallaryň meselelerine oňaýly garamagy wada etdi. Ahmedinejadyň prezidentlik döwri, tutuş 8 ýyl, aýallar babatda çynlakaý yza tesme bilen häsiýetlendi".

Ahmedinejad 2009-njy ýylda prezidentliginiň ikinji möhletinde Marzieh Wahid Dastjerdini Saglygy goraýyş ministrligine teklip etdi. Dastjerdi wezipä tassyklanyp, Eýran yslam respublikasynyň ilkinji aýal ministri boldy. Ýöne soňra 2012-nji ýylda öz kärdeşlerini tankytlany üçin wezipeden boşadyldy.

“Bu biziň hukugymyz"

Rohaniniň diňe erkeklerden ybarat kabinetini teklip etmegi Eýranda aýallaryň hukuklary ugrunda göreşýänleriň, intellektuallaryň arasynda protest turuzdy. Bu proteste goşulanlaryň biri Aşraf Geramizadegan. Ol awgust aýynyň başlarynda geljekki kabinetiň durky barada pikir alyşmak üçin geçirilen üýşmeleňde şeýle diýdi: "Biz aýallar Rohaniden we onuň hökümetinden kabinetden bize bir paý berilmegini islämzok. Bu biziň hukugymyz".

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Rohani öz saýlaw kampaniýasyny aramlyk platformasynda alyp baryp, aýal-erkegiň deňhukuklylygynyň tarapynda çykyş etdi. Aýallaryň işlerine garaýan ýörite ministrlik döretmegi wada etdi.

Rohani wezipe başyna geleninden soň geçiren ilkinji metbugat ýygnagynda özüniň eýran aýallary babatynda deňhukuksyzlygy aradan aýyrmak ugrunda iş alyp barjakdygyny aýtdy.

"Bir aýal ministr bellenäýende-de, bu aýallaryň deňhukuklylygy gazanandygyny aňladanok. Dürli dolandyryş derejelerinde ähli deňsizlikler aradan aýrylmaly. Bir aýalyň kabinetde bolmagyndan maksat 'adamlar, gözläň, ine, biziň aramyzda bir aýal bar. Olar öz hukuklaryny gazandylar' diýmek däl" diýip, Rohani bu ugurdan öz pikirini beýan etdi.

Waşingtondan Tahmasebi munuň bilen ylalaşýar. Ýöne, onuň pikiriçe, bir aýalyň ministr bellenmegi bu ugurdan görkezilen güýçli bir alamat bolar.

"Bu Rohaniniň ilatyň ýarpysynyň aýallardygyny, özüne ses berenleriň-de ençemesiniň aýallardygyny bilýändigini görkezýär. Ol Eýranyň umumy ilatyna belli derejede wekilçilik etjek kabinetiniň, ministrler toparynyň bolmagyny isleýär. Dogry, bu problemalary, elbetde, çözmez. Meniň pikirimçe, ministrler aýallaryň meselelerinden habarly bolmaly, aýallara güýç-gudrat bermeli, aýallaryň erkekler bilen deňhukuklylygyny, aýallaryň hukuklaryny ösdürmeli" diýip, Tahmasebi aýdýar.
XS
SM
MD
LG