Sepleriň elýeterliligi

"Ruhnamanyň" soňy we milli ideýa


"Ruhnamanyň" 10 ýyllyk dabarasy

"Ruhnamanyň" 10 ýyllyk dabarasy

Türkmen häkimiýetleri, görnüşinden, "Ruhnama" mejburlygyndan el çekmek, ýagny ony mekdep programmasyndan aýyrmak kararyna gelene meňzeýärler.

Bu ýagdaý ýurduň baş kitaby, esasy ruhy gymmatlygy hökmünde öňe çykarylan "milli ideýanyň" ýuwaş-ýuwaşdan, ýöne ynamly bir şekilde yza süýşürilýändigini tassyklaýar.
Eýsem bu S.Nyýazowyň «Altyn asyr» eýýamynyň baş kitabynyň möwritiniň geçendigini aňladýarmy?

Eger şeýle bolsa, häkimiýetleriň awtoritar prezidentiň ölüminden soň hem ençeme ýyl mejbury okadylan "baş kitabyň" mekdep programmasyndan aýrylýandygyny açyk aýdyp, "ruhnamaçylyga" ol ýa-da beýleki görnüşde syýasy baha bermekden saklanmaklarynyň sebäbi näme?

Aslynda "Ruhnama" kulty nädip döredildi we ol näme üçin gerek boldy?
Umuman, türkmen jemgyýetçiligi şu gün we geljek üçin öz "Ruhnama" tejribelerinden nähili netije çykarmaly?

Nobatdaky "Tegelek stol" söhbetdeşligini şu meselä bagyşlap, oňa göni gatnaşmak ýa gatnaşman pikirini aýtmak isleýänleri Azatlyk Radiosynyň efir giňişliginde we internet saýtynda döredilýän açyk çekişme mümkinçiliginden peýdalanjak bolmaga çagyrýarys.

Bu siziň her biriňiziň meseläňiz we çözgütler hem siziň özüňize, öz pikirleniş derejäňize bagly.

Pikirleriňize garaşýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG