Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde protestler dowam edýär


Kairda polisiýa iki yslamçy lageriniň üstüne tarap ýöriş edenden soň, "Musulman doganlary" hereketi “gyrgynçylygy saklamak” üçin müsürlilere köçä çykmaga çagyryş etdi.

Kairdäki lagerler häkimiýetden agdyrylan prezident Muhammed Morsiniň tarapdarlary tarapyndan gurulypdy.

Çarşenbe güni Nahda meýdanyndaky we Rabaa al-Adawiýa metjidiniň daşyndaky lagerleri dargatmak üçin geçirilen operasiýalarda birnäçe adamyň ölendigi habar berilýär.

Häzirki wagt ölenleriň sany barada gapma-garşy habarlar bar. Käbir maglumatlara görä, ölenleriň sanynyň 15 bilen 30 aralygyndadygy bellenýär.

Müsüriň ýolbaşçylary bolsa, iki polisiýa işgäriniň öldürilendigini, emma protestçileriň arasynda ölenleriň ýokdugyny nygtady.

Müsüriň Içeri işler ministrliginiň soňky berýän maglumatlaryna görä, ýurduň howpsuzlyk güýçleri Nahda meýdanyndaky lageriň kontrollygyny doly öz eline alypdyr.

Müsürdäki protestler 3-nji iýulda ýurduň harbylarynyň Morsini häkimiýetden agdarmagynyň we tussag etmeginiň yzýany başlapdy.
XS
SM
MD
LG