Sepleriň elýeterliligi

Gebbeliň kitaby derňelýär


Orsýetiň Sankt-Peterburg şäheriniň prokuraturasy, kitaphanalarda Gebbeliň kitabynyň satylyp-satylmaýandygy barada derňewe başlady. Iosef Gebbel Nasist Germaniýanyň propaganda ministridi.

Sankt-Peterburg şäher prokurorynyň metbugat wekiliniň çarşenbe güni beren maglumatynda, derňewleriň Orsýetiň habar serişdelerinde “Maýkl” atly romanyň satuwa çykandygy barada maglumat peýda bolandan soň başlandygy nygtalýar.

Gebbel bu kitaby 1923-nji ýylda "Nasist" partiýa goşulmagynyň öňýany ýazypdy.

Orsýetiň habar serişdeleriniň berýän maglumatyna görä, kitabyň terjimesi ýaňy-ýakynda Moskwadaky “Algoritm” neşirýaty tarapyndan çapdan çykarylypdyr.

Duşenbe güni Orsýetiň ýewreý geňeşiniň başlygy Žinowiý Kogan, kitabyň ýurtda çap edilmeginiň “kabul ederliksizdigini” aýdypdy.

“Algoritm” neşirýaty bolsa, henize çenli bu barada köpçülige maglumat bermedi.

Gebbel 1945-nji ýylda2-nji jahan urşunyň yzýany öz janyna kast edipdi.
XS
SM
MD
LG