Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Palestinaly tussaglar boşadyldy


Ysraýyl ABŞ-nyň araçylyk etmeginde geçirilýän parahatçylykly gepleşikleriň gaýtadan başlamagynyň öňüsyrasynda, "ýagşy niýet alamaty" diýip, palestinaly 26 tussagy azat etdi.

Ysraýylyň türmesindäki palestinaly tussaglar çarşenbe güni Ýerusalimde geçiriljek gepleşikleriň öňýany, sişenbe güni azatlyga goýberildi.

Türmeden boşadylan tussaglaryň köpüsi adam öldürmek aýyplamalary bilen höküm edilipdi.

Ysraýyl parahatçylykly gepleşikleriň progresi bilen baglanyşykly, dört tapgyra bölüp palestinaly 104 tussagy azat etjekdigine söz beripdi.

Palestinaly tussaglaryň Ysraýylyň türmelerinden azatlyga goýberilmegi Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerriniň ysraýyllylaryň we palestinalylaryň gepleşikleri geçirmegi üçin eden inisiatiwasydy.

Şol gepleşikleriň birinji tapgyry geçen aý Waşingtonda geçirilipdi.
XS
SM
MD
LG