Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Todaşewiň kakasy Amerikada


Birleşen Ştatlaryň agentleri tarapyndan Boston partlamalarynyň derňewi edilýän döwründe atylyp öldürilen çeçen asylly oglanyň kakasy öz oglunyň adalatsyz öldürilendigini aýdýar.

Abdulbaki Todaşew ogly Ibragim Todaşew baradaky bu sözleri Çeçenistandan gelenden soň sişenbe güni Floridada aýtdy.

Abdulbaky Todaşew 27 ýaşly oglunyň “gaty gowy oglan bolandygyny” aýdyp, ol oglunyň öldürilmegi bilen bagly Amerikada adalata ýetmäge synanyşýandygyny belledi.

Ibragim Todaşew 22-nji maýda ABŞ-nyň Florida ştatynyň Orlanda şäherinde Boston partlamalaryny amala aşyrmakda güman edilýän Tamerlan Sarnaýew bilen ilteşikli derňewler döwründe, Birleşen Ştatlaryň agentleri tarapyndan sorag edilýärkä atylyp öldürilipdi.

ABŞ-nyň Federal derňew býurosy, Todaşew duýdansyz amerikan agentine hüjüm edeninden soň, agentiň oňa ot açandygyny aýdypdy.

15-nji aprelde bolan Boston partlamasynda üç adam ölüp, 260-dan gowragy hem ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG