Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada belarusly ogurlandy diýilýär


Belarusyň Siriýadaky ilçihanasy siriýaly söweşijiler tarapyndan alnyp gaçylandygyny we özüniň belarus raýatydygyny aýdýan aýal barada peýda bolan wideony derňeýär.

Çarşenbe güni Belarusyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Andreý Sawinyh wideo barada takyk netijelere gelmek üçin entäk irdigini aýtdy.

Agzalýan bu wideo sişenbe gününden bäri internetde peýda boldy we onda iki aýaly ýaragly we maskaly adamlaryň gurşap alandygy görkezilýär.

Şol aýallaryň biri özüniň maldowalydygyny, beýlekisi bolsa, özüniň belarusdygyny we adynyň hem Swetlana Markiýowiçdigini aýdýar.

Aýallaryň wideoda aýtmagyna görä, olar “Hizballahyň” agentleri bolup, Azat Siriýa armiýasy barada maglumat ýygnamak üçin özleriniň žurnalistdigi barada ýasalan galp dokumentleri bilen Siriýa barypdyrlar.

Geçen ýyl ukrainaly aýal žurnalist Anhar Koçnýewa siriýaly söweşijiler tarapyndan alnyp gaçylyp, ol tussaglykdan gaçyp gaýdýança, üç aýa golaý zamunlykda saklanypdy.
XS
SM
MD
LG