Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Polisiýa protest lagerlerine hüjüm etdi


Kairde Müsüriň howpsuzlyk güýçleri yslamçylaryň iki sany protest lagerine hüjüm etdiler. Wakada ençeme adamyň öldürilendigi aýdylýar.

Gürrüňi gidýän protest lagerleri häkimiýetden çetleşdirilen prezident Muhammad Morsiniň tarapdarlary tarapyndan gurnalypdy. Morsi 3-nji iýulda harbylar tarapyndan häkimiýetden agdarylyp, şondan bäri tussaglykda saklanylýar.

Howpsuzlyk güýçleri çarşenbe güni ir bilen harby tehnikanyň we buldozerleriň goldamagynda protestçileriň lagerine girdiler. Howpsuzlyk güýçleriniň esgerleriniň protestçilere garşy göz ýaşardyjy gazy we söweş oklaryny ulanandyklary aýdylýar.

Müsüriň Içeri işler ministrligi Nahda meýdançasyndaky bir lageri “doly gözegçilige” alandygyny habar berýär.

Protestçiler meýdançadan zor bilen çykarylanda, ”Allahu ekber!”, ýagny “Alla beýikdir!” diýen şygary gygyrmagy dowam etdiripdirler.

Howpsuzlyk güýçleri Rabaa al-Aldawiýa metjidiniň golaýyndaky lageri dargatmakçy bolanda, protestçiler olara gaýtawul beripdiler. Maglumata görä, howpsuzlyk güýçleri daş zyňýan protestçilere garşy söweş oklary bilen ot açypdyrlar.

Protestçileriň bu lagerinde “Musulman doganlar” hereketiniň ençeme lideri hem bardy. 3-nji iýulda häkimiýetden çetleşdirilen Morsi bu hereketiň iň öňdebaryjy wekilleriniň biridir.

Ölenler

Adam ýitgileri barada dürli-dürli maglumatlar gowuşýar. Şaýatlar azyndan 15 adamyň öldürilendigini aýdýarlar. “Musulman doganlar” heläk bolanlaryň 100-den geçýändigini öňe sürýärler. Ölenleriň sany barada häzirlikçe hiç hili resmi tassyklama berilmeýär. Içeri işler ministrligi protestçileriň ölendigi baradaky maglumatlary inkär etdi.

“Musulman doganlar” hereketi müsürlilere ýüzlenip, “gyrgyny duruzmak üçin” köçelere çykmaga çagyrdy.

Döwlet telewideniýesi 200-den gowrak adamyň tussag edilendigini habar berdi. Ýurtda demirýol gatnawy togtadyldy. Aýdylmagyna görä, bu Morsiniň tarapdarlarynyň Kaire gelmeginiň öňüni almak üçin edilen çäredir.

Çarşenbe güni Müsüriň Minýa we Assiut şäherlerinde yslamçylar bilen howpsuzlyk güýçleriniň çaknyşandygy barada maglumatlar gelip gowuşýar.

Çarşenbe güni Ýewropa Bileleşigi Müsüriň resmilerini sabyrlylyga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG