Eýranyň Gölistan welaýaty, esasanam eýranly türkmenleriň arasynda "Türkmensähra" diýip aýdylýan sebitiň edebiýata bolan söýgisi hakda gürrüň etmek üçin delile zerurlyk ýok. Bu gürrüňi delillendirmek üçin Magtymguly we Döwletmämmet Azadynyň Eýrandaky türkmenleriň ýaşaýan obalarynda dünýä inendigini aýtmak ýeterlik.
Şol halypalaryň başladan kerwenleri dürli görnüşlerde henizem dowam edýär. Şol kerweniň häzirki nesil ýolagçylaryndan biri hem dutarçy Aýhan. Ol goşgy ýazmasa-da, beýik şahyrlaryň goşgylaryny saz bilen bezeýär, ýagny dutar çalýar. Dünýä türkmenleri gepleşiginiň halk döredijiligi bölüminiň bu gezekki myhmany dutarçy Aýhan.
Azatlyk Radiosy: Türkmensähraly dutarçy Aýhan ilki bilen özüňi tanatsaň dünýä türkmenlerine?
Aýhan: Men 1990-njy ýylda Türkmensährada dünýä indim. Häzir Gümmet-Kowus şäherinde ýaşaýaryn we dutar öwrenýärin.
Azatlyk Radiosy: Aýhan, dutara höwes nädip we nireden döredi? Senden başga maşgalaňda dutar çalýan barmy?
Aýhan: Dädemiň bir doganynyň ogly çalýardy. Şony görüp höwes edip gezipdim. Kakama aýdanymda, "Dutar öwrenmäge gerek ýok. Dutar gerekli däl" diýip, goldamandy. Ahyrynda dutar öwrenmekligiň ugruna çykyp, bir toý ýerinde Mejit Teke bilen tanyş boldum.
Şonda Mejit Tekäniň ýanyna baryp "Men dutar öwrensem bolarmyka?" diýip soranymda, "Näme bolman, ýanyma geleniňde görersiň nähili öwrenilýändigini" diýen jogaby aldym. Şondan soň ynha şeýdip Mejit Tekäniň ýanynda dutar öwrenmäge baş goýdum.
Azatlyk Radiosy: Aýhan seniň bilen bilelikde Türkmensährada Mejit Teke halypadan dutar öwrenýänler köpmi?
Aýhan: Meniň bilen bilelikde iki-üç sany türkmen ýaş ýigit hem Mejit Tekeden dutar öwrenýär. Türkmensähraly ýaşlaryň arasynda dutara höwes örän köp. Ýaşlardan köpüsi öwrenesi gelýär. Ýöne ahun-mollalar dutary birhili ýaman görýärler. Olar dutara garşy wagyz-nesihat edýärler.
Biziň halypamyz Mejit Teke bolsa dutaryň hiç zada zyýan bermeýändigini nygtaýar we bize hem dutaryň zyýansyzdygyny düşündirmegimizi isleýär. Din bilen dutary deňeşdirmegiň dogry däldigine üns çekýär.
Azatlyk Radiosy: Aýhan, sungata hem edebiýata bolan söýgiň Garajaoglan bilen obadaş bolmagyňa bagly bolup bilermi?
Aýhan: Hawa, dogrusy hem şeýle. Men türkmeniň klassiki edebiýatyny we ylaýta-da Garajaoglanyň şygyrlaryny söýýärin. Munuň sebäbi, biziň aňyrymyz Garajaoglan bilen bir şäherde ýagny Garajaoglanyň dünýä inen şäheri bolan Gazanjykda ýaşapdyrlar. Biziň kakalarymyz hem, atalarymyz hem şol ýerde dünýä gelipdirler.
Azatlyk Radiosy: Ata-babalaryňyz Türkmenistandaky Gazanjykda dünýä gelipdir. Ýöne häzir siz Türkmensährada Gümmet-Kowusda ýaşaýarsyňyzmy?
Aýhan: Biziň babalarymyz 1937-nji ýylda Gazanjykdan bärik Eýrandaky Türkmensähra göçüpdirler.
Azatlyk Radiosy: Bir dutarçy hökmünde Azatlyk Radiosy arkaly aýtjak sözleriň barmy?
Aýhan: Meniň dünýä türkmenlerine aýtjak bir sözüm bar. Türkmensähradaky türkmenleri ýagny bizi özlerinden bilsinler. "Bular eýranly" diýip, bize sowuk garamasynlar. Meniň özüm köp gürrüňdeşliklerde şeýle ýagdaýy eşitdim hem duýdum. Bir gün hemme türkmenleriň agzybir bolmagyny we bir ýurda ýygnanmagyny dileg edýärin.