Sepleriň elýeterliligi

Ozalky ministr boşadyldy


Geldimyrat Nurmuhammedow, 8-nji dekabr, 2011.

Geldimyrat Nurmuhammedow, 8-nji dekabr, 2011.

“Amnesty International”, halkara Günä geçiş guramasy Türkmenistanyň ozalky hökümet ministri Geldimyrat Nurmuhammedowyň dokuz aýlyk mejbury bejergiden soň azatlyga goýberilendigini habar berýär.

«Ol häkimiýetleri tankyt edenligi üçin nyşana alnana meňzeýär» diýip, halkara Günä geçiş guramasy ýazýar.

Geldimurat Nurmuhamedow 2012-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda paýtagt Aşgabatda, ýaşaýan şäherinde tussag edildi. Halkara Günä geçiş guramasy onuň demirgazykdaky Daşoguz welaýatyna, ýaşaýan ýerinden 600 km uzaklykdaky neşe goýdurylýan merkeze iberilendigini, emma onuň garşysyna hiç bir aýyplamanyň yglan edilmändigini ýazýar.

Adam hukuklaryny goraýan "Türkmen inisiatiwasy" topary G.Nurmuhammedowyň iýul aýynyň başynda azat edilendigini we häzir öýündedigini habar berdi.

“Amnesty International” guramasy öz geçiren barlaglarynda G.Nurmuhammedowyň neşe ulanmagy bilen bagly hiç bir deliliň tapylmandygyny ýazýar.

"Ozal hem bolşy ýaly"

"Geldimyrat Nurmuhammedowyň, ozal hem bolşy ýaly, özüniň syýasy işleri we Türkmenistanyň hökümetini tankyt edenligi üçin nyşana alnan bolmagy mümkin» diýip, Halkara Günä geçiş guramasynyň 14-nji awgustda çap eden beýanatynda aýdylýar.

"Ol 2011-nji ýylyň dekabrynda, Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Türkmen gullugyna beren interwýusynda ýurtda demokratiýanyň ýokdugyny, adam hukuklarynyň bozulýandygyny, dolandyryjy Demokratik partiýanyň «bikanun guramadygyny» aýdyp, türkmen hökümetini tankyt etdi. Şol interwýudan birnäçe gün soň häkimiýetler Geldimyrat Nurmuhammedowyň maşgalasynyň eýeçiligindäki gurluşyk firmasyny ýapdylar - diýip, “Amnesty International” guramasy ýazýar. - Ýogsa bu firma hiç wagt häkimiýetler bilen salgyt ýa maliýe problemasyna duçar bolmandy."

Geldimyrat Nurmuhamedow 1992-nji ýyldan 1995-nji ýyla çenli Türkmenistanyň turizm we medeniýet ministri bolup işledi. Ol tussag edilmezinden ozal halkara firmalaryna geňeş-maslahat berýän hukukçy bolup işleýärdi.

Halkara Günä geçiş guramasy G.Nurmuhammedow bilen bagly ýagdaýa mundan beýläk hem ýakyndan gözegçilik etjegini habar berýär.
XS
SM
MD
LG