Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türki dilli liderler duşuşýar


Türkiýäniň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň prezidentleri Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sammiti üçin Azerbaýjanda duşuşarlar.

Anna güni liderler Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwyň takmynan 200 kilometr demirgazygynda ýerleşýän Kabala şäherine bararlar.

Agzalýan ýurtlaryň daşary işler ministrleri penşenbe güni duşuşýarlar.

Azerbaýjanyň Türki dilli ýurtlaryň parlament assambleýasynyň umumy sekretary Ramil Hasanowyň aýtmagyna görä, sammitde agzalýan geňeşe agza ýurtlaryň arasynda erkin-söwda zolagynyň ýola goýulmagy barada gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar.

Bu geňeş türki dilli ýurtlaryň dilini we medeniýetini goramaga, şeýle-de syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanyp döredilendir.
XS
SM
MD
LG