Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Mahmudow aýagyndan atyldy


2006-njy ýylda öldürilen orsýetli derňew žurnalisti Anna Politkowskaýanyň işi bilen ilteşigi bar diýlip güman edilýän adam näbelli kişi tarapyndan Moskwada atyldy.

Jabrail Mahmudowyň aklawçysy Murad Musaýewiň penşenbe güni beren maglumatynda, müşderisine gijäň ýary ot açylandygyny we aýagyndan operasiýa bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de, ol häzirki wagt müşderisiniň ýagdaýynyň kanagatlanarlydygyny hem sözüne goşdy.

Moskwanyň polisiýasy Musaýewiň ýaýradan beýanatyny tassyklap, wakanyň paýtagtyň merkezindäki metro stansiýasynda ýüze çykandygyny aýtdy.

Politkowskaýanyň öldürilmegi bilen ilteşikli Mahmudowyň we başga-da dört adamyň sud işine penşenbe güni gaýtadan seredilmegine garaşylýar.

Politkowskaýanyň öldürilmegi bilen ilteşikli aýyplanýanlaryň bäşisi geçen aý özleriniň günäsizdiklerini aýdypdylar. Şübhelileriň dördüsi Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regiony bolan Çeçenistandan we biri hem öňki polisiýa işgäridir.

Anna Politkowskaýa Orsýetiň “Nowaýa Gazeta”, “ýagny “Täze gazetinde” habarçy bolup işleýärdi.
XS
SM
MD
LG