Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Ekspertler Siriýa barar


Birleşen Milletler Guramasy, BMG-niň ekspertleriniň Siriýada ulanyldy diýilýän himiki ýaraglary derňemek üçin “ýakynda” Damaska gidýändigini yglan etdi.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-munyň ýaýradan beýanatynda “missiýanyň maksadalaýyk, ygtybarly we öndümli geçmegi üçin Siriýanyň hökümeti hyzmatdaşlyk etmäge hökmany bolan şertleri kabul etdi” diýdi.

Beýanatda bellenmegine görä, Siriýanyň hökümeti BMG-niň ekspertleriniň ýurtda azyndan iki hepde galmak şerti bilen derňewleriň geçirilmegine rugsat beripdir.

Şeýle-de, beýanatda nygtalmagyna görä, Siriýada himiki ýaraglar ulanyldy diýilýän ýerlere derňew toparynyň barmagyna rugsat beriler.

Britaniýa, Fransiýa we Birleşen Ştatlar Siriýanyň hökümet güýçlerini himiki ýaraglary ulanmakda aýyplapdylar.

Ýöne Siriýanyň hökümeti bolsa, agzalýan ýaraglary söweşiji toparlaryň ulanýandygyny aýdyp, aýyplamalary ret edipdi.
XS
SM
MD
LG