Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: 1800 bikanun migrant tutuldy


Orsýetiň polisiýasy Moskwanyň golaýyndaky Odintsowo şäherindäki bazarda 1800 töweregi bikanun migrant işçini tussag etdi.

Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň Moskwa oblasty boýunça bölüm resmisiniň žurnalistlere beren maglumatynda, tussag edilenleriň 240 sanysynyň immigrasiýa kanuny bozmakda we 68-niň bolsa galp dokument ýasamakda hem-de ýurda bikanun immigrantlary getirmegi gurnamakda aýyplanýandygy bellenýär.

Geçen aý Moskwadaky bazarlaryň birinde polisiýa işgäriniň agyr ýenjilmegi netijesinde, Orsýetiň resmileri bikanun migrant işçilerine garşy tagallalaryny güýçlendirdiler.

Iýul aýynyň ahyryndan bäri Orsýetde aglabasy Merkezi Aziýadan bolan bikanun migrantlaryň müňlerçesi tussag edildi.

Şondan soň, olaryň 600 töweregi, şol sanda çagalar Moskwadaky çadyr lagerlerinde saklanylýar.
XS
SM
MD
LG