Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanlylar tigir münmäge taýýarmy?


11-nji awgustda türkmenistanlylaryň 8.5 müňden gowragy paýtagt Aşgabatda guralan köpçülikleýin tigir sürüşlige gatnaşdy.

Türkmen döwlet habarlar gullugy bu çäräniň 1-nji sentýabrda geçiriljek ählihalk tigir sürüşligine taýýarlygyň çäginde geçirilendigini, oňa ilatyň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşandygyny habar berýär.


Mälim bolşy ýaly, prezident G.Berdimuhamedow 7-nji iýunda geçiren hökümet maslahatynda «2013-2017-nji ýyllarda Türkmenistanda welosiped sportyny ösdürmek baradaky programmany» tassyklapdy.

Prezidentiň bu kararyndan soň ýurduň býužet edaralarynyň işgärlerine tigir almagyň buýrulandygy, emma şol tigirleriň bahasynyň bir adamyň ortaça aýlygyna barabardygy, şu we beýleki ýagdaýlaryň adamlarda goşmaça gaýgy-aladalary döredendigi hakynda maglumatlar bar.

Tigirli täzlik «Ruhnamanyň», öňki prezidentiň mejbury okadylan kitabynyň mekdep programmasyndan aýrylýandygy baradaky habaryň ýaýran wagtyna gabat geldi.

«Ozal «Ruhnama» bilen bizar etdiler, indem yssy ýurtda tigir sürmeli etseler boljak-da» diýip, Azatlyk Radiosynyň diňleýjileriniň biri aýtdy.

«Tigir ýene ýagşy, ‘hemme kişi at satyn almaly' diýseler näderdik» diýip, muňa şükür edýänler hem bar.

Ýöne, tigir sürmegiň köp tarapdan peýdaly sportdugyna, onuň dünýäniň köp ýurdunda giňden ulanylýandygyna garamazdan, Türkmenistan oňa taýýarmy diýen sorag hem döreýär.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan raýatlaryň köpüsiniň aýtmagyna görä, Türkmenistanda tigir sürmek sporty-da, ony ulag, transport hökmünde peýdalanmak-da beýle giň ýaýran zat däl.

«Çagalykda, ýetginjeklikde köpler tigir sürýän-de bolsa, uly adamlaryň, salyhatly kişileriň, gyzlaryň we aýallaryň tigir sürmegi geň görülýär» diýip, Aşgabatda ýaşaýan 30 ýaşly Azat aýdýar.

Mundan başga, ilatyň içinde 150-200 dollarlyk tigirleri satyn almaga gurby çatjak adamlar az, üstesine tigir sürmek üçin howpsuz ýollar hem ýeterlik däl diýen pikirler-de eşidilýär.

Emma türkmen metbugaty bu çäräniň sagdyn durmuş ýörelgeleri, ilatyň saglygy üçin zerurdygyny öňe sürýär.

Eýsem Türkmenistandaky tigir kampaniýasyna kim nähili garaýar?

Bu hili çäreler ýurtda tigir sürmek medeniýetiniň ösmegine getirip bilermi?

Azatlyk Radiosy nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligini şu tema bagyşlaýar. Tigirliler, tigirsizler, garşylar we tarapdarlar, hemmäňiziň pikirleriňize garaşýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG