Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Ýamanlyk etmez


Maldowaly karikaturaçy Aleksandr Dimitrowyň çeken karikaturasy.
Maldowaly karikaturaçy Aleksandr Dimitrowyň çeken karikaturasy.
Ýamanlyk etmez

Ýakyn dostlary Türkmenistan SSR-niň Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Atabaýewe:

-Gaýgysyz, Türkmenistanyň Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary Halmyrat Sähetmyradow saňa töhmet-myjabat ýöňkäp, Moskwa arza ýazýar. Sen ondan habardar bol, ol saňa ýamanlyk edýär -diýipdir. Gaýgysyz Atabaýew:

-Bu mümkin däl. Sähetmyradow ýaly adamlar özüne ýagşylyk edene ýamanlyk edýär. Men entek Sähetmyradowa ýagşylyk edemok, ol maňa ýamanlyk etmez -diýip, parahat jogap beripdir.

49 kilogram akyl

Podpolkownik Seýitmyrat Öwezbaýew 1-nji jahan urşunda Russiýanyň söweşjeň ordenleriniň 3-si bilen sylaglanan ofiser. 1917-nji ýylyň dekabrynda Orta Aziýada halk hereketi Türküstan Sowet awtonom respublikasyny ýykýar. Öwezbaýew onuň ornuna döredilen Kokand Respublikasynyň Harby ministri bolýar.

1924-nji ýylda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasy döredilenden soňra Respublikanyň ilkinji ýolbaşçylary Gaýgysyz Atabaýewiň, Nedirbaý Aýtakowyň tagallasy bilen, ol täze dörän milli döwletiň berkarar bolmagy üçin amal edilýän işlere işjeň gatnaşýar. Oňa döwlet derejesindäki jogapkär wezipeleri ynanýarlar. Bir gezek Öwezbaýewe duşmançylyk edýänler Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýewe:

-Öwezbaýew ak patyşanyň uly çinli ofiseri. Ol Orta Aziýada Sowet hökümetini ýykyp, oňa derek musulman döwletini döretjek bolanlaryň biri. Sen oňa beýle uly wezipeleri ynanma! Biz Öwezbaýew sebäpli saňa gep gelerinden gorkýarys -diýipdirler. Öwezbaýew göwresi çepiksi, hor adam eken. Gaýgysyz Atabaýew:

-Seýitmyradyň agramy bolup bilse, elli kilogram. Şol elliniň kyrk dokuz kilosy akyl, bir kilogramy onuň et-ganynyň agramy. Siz ýüz kilo agramly birini tapyň. Agramynyň ondan biri, on kilosy akyl bolsa-da Seýitmyrady işden aýryp, siziň tapan adamyňyzy onuň ýerine işe alaýyn -diýipdir.

Repressiýa üçin doglan

5-6 ýazyjynyň Ýazyjylar birleşiginiň howlusynda degşip-gülüşip duran wagty Ýylgaý Durdyýew howla girdi. Onuň salamyny ilkinji bolup Beki Seýtäkow aldy. Soňra-da:
-Özüň-ä belent ýigitsiň, näme eser ýazýaň inim? -diýip sorady. Ýylgaý halypa ýazyjy bilen elleşip durşuna:

-“Nedirbaý Aýtakow” atly romanymy tamamladym -diýip, göwnihoş jogap berdi. Beki aga jübüsinden elýaglygy çykaryp, ýok gözýaşy “süprüp”, ýalandan aglamjyrap:

-Nedirbaý, Nedirbaý, Türkmenistan döredilende ýurtdaky iň uly wezipede on üç ýyl işläp, il-güne ak ýürekden hyzmat etdiň, Ganojak Staliniň ýowuz repressiýasynyň pidasy bolduň. Seni Huruşýow aklady. Indem Ýylgaý sen hakda roman ýazan bolsa, täzeden repressiýa düşüpsiň. Wah, Nedirbaý, Nedirbaý, repressiýa üçin doglan ekeniň -diýip, “aglamagyny” dowam etdi.

P.S. Ýylgaý Durdyýewiň “Nedirbaý Aýtakow” romany gowşak eserdi. S.Nyýazow 3-nji repressiýany amal edip, Aýtakowyň ýadygärligini ýykdyrdy. Adyny kärhanalardan, köçelerden aýyrdy. Häzir Rahym Esenow taryhy ýoýup, ol hakda roman ýazýar.Bu 4-nji repressiýa. Beki aganyň agysy çyn eken:

- Wah, Nedirbaý, Nedirbaý, repressiýa üçin doglan ekeniň…

Toplap, taraşlan Amanmyrat Bugaýew.
XS
SM
MD
LG