Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aktiwistiň kakasy aýyplandy


Özbegistanyň Karşy şäheriniň sudy oppozisiýa aktiwisti Bahodir Çoriýewiň kakasyny bäş ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Atlarynyň aýdylmazlygyny soran iki sud işgäri 71 ýaşyndaky Hasan Çoriýewiň 19 ýaşly aýaly zorlamakda günäli tapylandygyny we oňa 6-njy awgustda höküm çykarylandygyny aýtdy.

Adynyň aýdylmazlygyny soran iki resmi sudýanyň bu habary 20-nji awgusta, ýagny Hasan Çoriýewiň şikaýat diňlenişigi gününe çeli jemgyýetçilige ýetirmezligi tabşyrandygyny hem sözüne goşdy.

Bahodir Çoriýew Özbegistandan 2004-nji ýylda gaçdy we birnäçe ýyl bäri Birleşen Ştatlarda ýaşaýar.

Ol ýurt içindäki egindeşleri bilen bileleşip, oppozisiýadaky «Birdamlik» hereketini döretdi.
XS
SM
MD
LG