Sepleriň elýeterliligi

MHG düzgüni bozdy


Täze çap edilen makalada ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk gullugynyň (MHG) 2008-nji ýylda has giň ygtyýar berleli bäri şahsy durmuşa gatyşmazlyk düzgünlerini müňlerçe gezek bozandygy ýa-da öz kanuny ygtyýarlyklarynyň çygryndan çykyp hereket edendigi aýdylýar.

“The Washington Post” gazetiniň makalasy şu tomsuň başynda Edward Snowdeniň syzdyran gizlin dokumentlerine we içerki MHG auditine esaslanýar.

Edward Snowden MHG-niň öňki işgäri bolup, ABŞ häkimiýetleri tarapyndan içalyçylykda aýyplanýar.

Şu aý Snowdene Orsýetde wagtlaýyn gaçybatalga berildi.

“The Washington Post” gazetiniň makalasynda aýdylmagyna görä, Milli howpsuzlyk gullugynyň düzgün bozmalarynyň köpüsi amerikanlara we Birleşen Ştatlardaky daşary ýurt aňtaw nyşanalaryna bikanun gözegçilik etmek bilen bagly.
XS
SM
MD
LG