Sepleriň elýeterliligi

Müňlerçe adam göçürildi


Orsýetiň Uzak gündogarynda sil gelen 113 oba-şäherden 14 müňden gowrak adam göçürildi.

Ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi anna güni geçen hepdeden bäri Amur oblastynda 4600 jaýa, Ýewreý awtonom regionyna zyýan ýetendigini aýtdy.

Amur derýasynyň suwunyň derejesi Habarowsk şäheriniň golaýynda alty metrlik belgiden geçdi we şindem ýokary galmagyny dowam etdirýär.

Ýerli häkimiýetler Zeýa we Bureý suw elektrik stansiýalary barada alada edýärler, bu ýerlerde suwuň derejesiniň has ýokarydygy aýdylýar.

Goranmak ministrligi bu sebite goşmaça esger, enjam we harby saglyk işgärlerini iberdi.
XS
SM
MD
LG