Sepleriň elýeterliligi

«Musulman doganlygynyň» öz tarapdarlaryny köçelere çykmaga çagyrmagy Müsürde zorlukly wakalaryň köpelmek howatyryny güýçlendirýär.

«Gazap annasyna» çagyryş häkimiýetleriň çarşenbe güni bolan çaknyşyklarda öldürilen adamlaryň sanynyň 620-den hem kändigini aýdan wagtyna gabat geldi. Ýogalanlaryň köpüsi asuda ilatdan.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi müsürlileri «maksimum sabyr-kanagatlylyga» we yslamçylaryň goldawyndaky prezident Muhammad Morsiniň harbylar tarapyndan işden çetleşdirilmeginden soň «milli barlyşyga» gol ýapmaga çagyrdy.

Bu beýanat Howpsuzlyk geňeşiniň penşenbe güni geçiren adatdan daşary sessiýasyndan soň ýaýradyldy.

Şu arada Müsüriň geçiş hökümeti hem bir beýanat ýaýratdy we onda halkara jemgyýetçiliginiň, şol sanda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň howpsuzlyk güýçleriniň yslamçylary basyp ýatyrmagy baradaky tankydy ret edilýär.

Ol beýanatda tankydyň «faktlara» daýanmaýandygy we onuň «ýaragly zorluk toparlaryny» hyjuwlandyryp biljegi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG