Sepleriň elýeterliligi

Obalarda ekin guraýar. Sebäp näme?


Lebap welýatyndaky guran ekinler

Lebap welýatyndaky guran ekinler

Serdarabat etrabynyň Täze durmuş obasynda ýaşaýan Çary indi 15 ýyldan bäri maşgalasyny daýhançylyk bilen ekleýär. Soňky bäş-alty ýyla çenli onuň melleginde ýetişdiren gök önümleri maşgalasyna iýmäge doly ýetip, satmaga-da artýar eken.

Emma soňky döwürlerde welin, Çary hasylyndan razy däl, has takygy, onuň gök önüm hasylynyň uly bir bölegi guraýar. Bu ýylyň hasyly hem öňki ýyllardan tapawutlanmady.

Bu ýagdaý diňe Çarynyň mellegine degişli däl, Lebabyň käbir beýleki obalarynda hem bu agzalan ýagdaýa barha köp duş gelinýär. Ýerli daýhanlaryň aýtmagyna görä, esasy ýitgi pomidor, kädi, bolgar burç, badamjan ýaly önümlerden çekilýär.

Obalylar ekinleriň guramagynyň sebäbi barada dürli pikirde. Käbir daýhanlar suw ýetmezçiligi sebäp bolýar diýse, käbir beýleki daýhanlar muňa sebäbi ekinleriň özboluşly kesele uçramagy diýýärler. Ýagdaýyň sebäplerinden biriniň mör-möjeklerdigini aýdýanlar hem bar.

Sebäpler

“Obalarda az bolmadyk zeýkeş kanallarynyň gyrasyndaky otlaryň himiki dermanlar ulanylyp ýok edilmegi we şol otlaryň arasyndaky mör-möjekleriň ilatyň mellek ýerlerine gaçmagy şeýle ýagdaýyň emele gelmegine sebäp bolýar” diýip, daýhanlardan biri gürrüň berdi.

Lebap welaýatyndaky guran miweli agaçlar

Lebap welaýatyndaky guran miweli agaçlar

Aýdylyşyna görä, ýollaryň, kanallaryň gyralaryndaky dürli haşal otlar ýerli ýolbaşçylaryň görkezmesi esasynda ýok edilýär. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, otlary ýok etmäge, umuman aýdylanda, edara-kärhana işgärleri we kärendeçi daýhanlar çekilýärdi.

“Soňky üç-dört ýyla çenli edara, kärhana işgärlerine, hatda mugallymdyr lukmanlara ýoluň gyralarynyň otlary çapdyrylýardy, indi bolsa otlary guradýan himiki dermanlar ulanylyp başlandy, bu mör-möjekleriň ol ýerleri terk etmegine sebäp boldy” diýip, Garaşsyzlyk etrabynyň özüni Serdar diýip tanadan daýhany Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýollaryň, kanallaryň gyralarynda tebigy ýagdaýda ösýän ösümlikleri ýok etmek praktikasy belli bir derejede ýerli ekologiýa hem zyýan ýetirýär.

“Talap şeýle”

Kanallaryň gyralaryndaky ösümlikleriň näme üçin ýok edilýändigi barada takyk maglumat berilmeýär, ýerli ýolbaşçylardan sorasaň, umuman aýdylanda, “ talap şeýle” diýip jogap berýärler.

Şol bir wagtyň özünde-de, ýaňky ösümlikleriň ýok edilmegi sebäpli, mör-möjekleriň beýleki gök önümlere ýetirýän täsiri hakda hem resmi taýdan hiç zat aýdylmaýar, emma Çary ýaly daýhanlar welin, bu ýagdaýdan närazy.

“Men daýhançylyk bilen güzeran aýlaýan, emma soňky ýyllar mellekden gün görmek gaty kynlaşdy, wagtly-wagtynda suwarym suwunyň bolmazlygy, ekinleriň kesellemegi we soňky döwürlerde ýaýran zyýanly mör-möjekler tutuş ýyl çeken zähmetimi saman edýär” diýip, Serdarabatly daýhan Çary gürrüň berýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG