Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk liderleri hyzmatdaşlyk isleýär


Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň prezidentleri Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň sammitinde ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi wada berdiler.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew anna güni, Azerbaýjanyň demirgazygyndaky Kabala şäherinde bolan duşuşykda has köp söwda hyzmatdaşlygyna, bilelikdäki turizm we kommunikasiýa tagallalaryny döretmäge çagyrdy.

Gyrgyz lideri Almazbek Atambaýew Türkiýe bilen Hytaýyň günbatar şäheri Kaşgary birleşdirýän demir ýol liniýasyny gurmaga çagyrdy, bu ýol Merkezi Aziýanyň üstünden çekilmeli.

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew energiýa, magdançylyk we transport ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy.

Bu dört prezident agza ýurtlaryň arasynda azat söwda zolagyny gurmak barada maslahat etdiler.

Guramanyň gezekli başlyklygy Gyrgyzystandan Azerbaýjana geçirildi.

Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşi 2009-njy ýylda döredildi.
XS
SM
MD
LG