Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yslamçylar proteste toplanýar


Yslamçylaryň müňlerçe tarapdary protest geçirmek üçin Kairiň merkezine toplanýar.

"Musulman doganlygy" olary anna güni, juma namazyndan soň, metjitlerden köçelere çykyp, anna gaharyny beýan etmäge çagyrdy.

"Musulman doganlygynyň" bu çagyryşy häkimiýetleriň çarşenbe güni bolan çaknyşyklarda ölen adamlaryň sanynyň 620-den geçýändigini aýdan wagtyna gabat geldi.

Paýtagtyň daş-töweregine polisiýanyň bronly maşynlary ýerleşdirildi.

Suez kanalynyň Ismailiýa şäherinde polisiýa penşenbe güni yslamçy prezident Muhammad Morsiniň dört goldawçysyny atyp öldürdi.
XS
SM
MD
LG