Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talyp: "Iki günden bäri nobata durun"


Aşgabatda, Türkmenistanyň döwlet ulaglar we aragatnaşyk institutynyň köne binasynyň okuw korpuslarynyň biriniň öňünde sanawa durmak üçin duran ýaşlar
Aşgabatda, Türkmenistanyň döwlet ulaglar we aragatnaşyk institutynyň köne binasynyň okuw korpuslarynyň biriniň öňünde sanawa durmak üçin duran ýaşlar
Häzirki wagtda Aşgabatda, Türkmenistanyň döwlet ulaglar we aragatnaşyk institutynyň köne binasynyň okuw korpuslarynyň birinde, ilkinji gezek daşary ýurtlara okamaga barýan hem-de eýýäm daşary ýurtlarda okap ýören türkmenistanly ýaşlary sanawa almak işi dowam edýär.

Daşary ýurtlarda okaýan talyplary hasaba almak boýunça Bilim ministrligi tarapyndan geçirilýän bu çäre oktýabr aýynyň 10-na çenli dowam eder. Şol hasaba alynşyk çärede Bilim ministrligi tarapyndan talyplaryň sprawkalaryna ýörite möhür basylýar, şol möhür esasynda Migrasiýa gullugy talyplaryň daşary ýurtlara çykmagyna rugsat edýär.

Hasaba durmak üçin okajak ýa-da okap ýören ýaşlar daşary ýurt ýokary okuw jaýynda okajakdygy ýa-da okaýanlygy baradaky gerbli möhürli sprawka, student biletiniň nusgasy, dogluş hakyndaky resminama hem-de biometrik we içerki pasportyň nusgalary gerek.

Çagalarynyň hasaba durmagyna garaşyp oturan gelinejeler
Çagalarynyň hasaba durmagyna garaşyp oturan gelinejeler
Okuwyň başlamagyna az wagt galan häzirki wagtda agzalýan edaranyň öňi mydama köp adamly, her gün 500-600 adamyň hasaba durýandygy aýdylýar. Bu hem institutyň öňünde her gün talyplardan uzyn nobatlaryň döremegine getirýär.

“Her ýyl nobatda durmaly”

Özüni Guwanç diýip tanadan talyp bu ýagdaýdan närazy. Ol Belarusda okaýar.
“Ýurda dynç almaga geleniňde, her ýyl şunuň ýaly nobatda durmaly bolýar. Men eýýäm ikinji gün şu nobata gatnaýaryn. Düýnki düzülen sanawy üýtgedipdirler. Indi ertire ýazyldym” diýip, aşgabatly student Guwanç gürrüň berýär.

Sanawa durmak üçin garaşyp oturan oglan
Sanawa durmak üçin garaşyp oturan oglan
Welaýatlarda ýaşaýan talyplar bilen deňeşdirilende, Guwanç ýaly paýtagtly talyplaryň ýagdaýy ýene ganymat. Şeýle hasaba alyş nokady diňe paýtagtda bolansoň, welaýatlardan bolan studentler günläp gatnamaly bolýarlar. Olaryň käbirleriniň ýany bilen gelen ene-atalar hem kösenýärler.

Gyzy bilen Aşgabada gelenlerden biri hem lebaply, 52 ýaşlaryndaky Orazbaý aga. Student gyzy bilen Aşgabada gelen Orazbaý aga bu ýagdaý hakda şeýle diýýär: “Şunuň ýaly hasaba alyş ýerleri welaýatlarda hem açylsa gowy boljak. Ýogsam, welaýatlardan gelenleriň käbirleri birnäçe günläp myhmanhanalarda ýaşamaly bolýarlar”.

Her bir nobatda bolşy ýaly, bu nobatda hem tanyşparazlyk, para-peşgeş ýaly hadyslaryň-da bolýandygy aýdylýar. Ýagny, para berip, öňe geçýän ýa-da nobata durman, dokumentlerini düzetdirýänler hem tapylýar. Bu ýagdaý nobata duran adamlaryň arasynda dawa-jenjeliň ýüze çykmagyna-da getirýär.

“Käwagt urşam bolýar.”

“Käwagt urşam bolýar. Bir-iki günlükde şeýle uruş bolanda, polisiýa işgärlerini hem çagyrypdyrlar” diýip, ýokary okuwyny Belarusda dowam etdirýän Guwanç gürrüň berýär.

Bu student nobatlaryndan diňe biri. Häzirki daşary ýurtlara okuwa gidýän ýaşlaryň hasaba alynmagy üçin durulýan nobatdan başga biri-de, wiza almak üçin daşary ýurt ilçihanalarynyň öňünde emele gelýän nobatlar.

Türkmenistanyň döwlet ulaglar we aragatnaşyk institutynyň köne binasynyň okuw korpuslarynyň biriniň öňünde sanawa durmak üçin garaşyp duran ýaşlar
Türkmenistanyň döwlet ulaglar we aragatnaşyk institutynyň köne binasynyň okuw korpuslarynyň biriniň öňünde sanawa durmak üçin garaşyp duran ýaşlar
Ilçihanalar diňe paýtagtda bolansoň, welaýatlardan gelýän talyplaryň kösençligi bu meselede hem has göze dürtülýär. Ukraina, Orsýet we Belarusuň ilçihanalarynyň agzyndaky studentleriň nobatlary hasam uly.

Student nobatlarynyň ýene-de biri paýtagtyň Türkmenhowaýollarynyň kassalarynyň öňündäki nobatlar. Bu kassalarda nobaty düzgünleşdirmek üçin häzirki zaman elektron sistemanyň ulanylýandygyna garamazdan, tomus aýlarynda student reýsleri diýlip atlandyrylýan ugurlar boýunça bilet satyn aljak bolýan ýaşlaryň sany artýar.

“Awiakassalardaky nobata duranyň hiç-le. Awiabileti tapmak kyn. Köplenç tanyş üsti bilen bilet satyn almaly bolýar. Şonda-da biletiň asyl bahasynyň üstüne 200-300 dollar para bermeli bolýar” diýip, Türkmenhowaýollarynyň edarasynyň öňünde duran bir student aýtdy.

Bu ýylyň-ýylyna gaýtalanýan ýagdaý. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir studentleriň aýtmaklaryna görä, tomusky dynç alyşlarynda türkmenistana gaýdan talyplaryň dynç alyş günleriniň ep-esli bölegi şol nobatlarda geçýär.
XS
SM
MD
LG