Soňky ýyllaryň dowamynda dürli sebäplere görä Türkmenistandan daşary ýurtlara gaýdan adamlaryň sany sanardan köp. Olardan käbirleri okuw we iş üçin gaýdan bolsa, käbirleri daşary ýurtla durmuşa çykany üçin ýurdy terk etdiler. Şeýle türkmenistanlylardan biri hem özüni Maýa diýip tanadan ýaş türkmen zenany.
Ol türkiýeli ýaş ýigide durmuşa çykyp, pasportuny çalyşmak üçin ýakynda Türkmenistana baranda, daşary ýurtla durmuşa çykany üçin degişli türkmen resmileri tarapyndan dürli kemsitmelere duçar bolandygyny aýdýar. Maýanyň aýtmagyna görä, Türkmenistanda gyzlaryň daşary ýurtlylara durmuşa çykmagyna henizem erbet garalýar. Habarçymyz Döwlet Baýhanyň Maýa bilen geçiren söhbetdeşligini diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.