Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gark bolan adamlar gözlenýär


Filippin häkimiýetleri ýük gämisi bilen çakyşyp, suwa çöken paromyň 200-den gowrak ýolagçysynyň tapylmaýandygyny aýdýar.

Resmiler şenbe güni azyndan 28 adamyň ölüminiň tassyk bolandygyny aýtdylar.

Kenar goragynyň resmileri 600-den gowrak adamyň wakanyň bolan ýerine golaý balykçy gämileri tarapyndan halas edilendigini aýtdylar.

Ýitenleri gözlemek üçin suwa çümüjiler iberildi.

Parom ýük gämisi bilen çakyşanda onuň üstünde 870 çemesi adam bar eken.

Parom bilen çakyşan ýük gämisi suwa çökmedi.
XS
SM
MD
LG