Sepleriň elýeterliligi

Bulujystanda lager otlandy


Pakistanyň Bulujystan welaýatynda ýiten adamlara üns berilmegini gazanmaga çalyşýan adamlaryň açlyk yglan edýän lageri otlandy.

Habarlarda aýdylmagyna görä, buluçlaryň paýtagty Kwettadaky lageriň ýerinde çarşenbe güni turan ýangyndan soň diňe kül galypdyr.

Bu lageri kimiň oda berendigi bilinmeýär.

«Ýiten buluçlaryň sesi» atly toparyň resmileri ýangynyň näbelli adamlar tarapyndan tutaşdyrylandygyny aýdýarlar.

Toparyň başlygy Mama Abdul Kadyr ozal özlerine hökümet wekilleri tarapyndan bu lageri ýapmak ýa-da boljak işi görmek barada haýbat atylandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG