Sepleriň elýeterliligi

Şa gyzy horaz urşunda aýyplanýar


Rumyniýanyň soňky patyşasynyň gyzy Birleşen Ştatlarda bolan sud diňlenişiginde özüniň Oregon ştatynda bikanun horaz urşy biznesine kömek berendigi baradaky aýyplamalary ret etdi.

Şa gyzy Irina Walkere, amerikan adamsy Jon Walker bilen bilelikde, anna güni Portlandda günä bildirildi.

Olar biraz soň, şu ýylyň aýaklaryna bellenen sud seljerişliginden öň azatlyga goýberildi.

60 ýaşyndaky Irina Woker Rumyniýanyň bosgunlykdaky patyşasy Mihailiň gyzydyr.

Onuň kakasy 1947-nji ýylda kommunistler tarapyndan patyşalykdan el çekmäge mejbur edilipdi.

Irina öz adamsy we ýene 18 adam bilen bilelikde 2012-2013-nji ýyllarda bikanun horaz urşy ýaryşyny gurnamakda aýyplanýar.

Aýyplamalaryň arasynda bikanun humar biznesi bilen meşgullanmak, haýwan goragy kanunlaryny bozmak hem bar.

Patyşa Mihail öz websaýtynda çap edilen beýanatada bu jenaýat işine «çuňňur gynanjyny» bildirdi.
XS
SM
MD
LG