Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň howpsuzlyk güýçleri öten agşam yslamçy protestçileriň gaçyp atan metjidine girdi.

Şenbe güni çykan habarlarda howpsuzlyk güýçleriniň Al-Fateh metjidiniň böleklerini «Musulman doganlygynyň» goldawçylaryndan arassalandygy aýdyldy.

Protestçiler anna güni bolan we 80-den gowrak adamyň ölümine getiren çaknyşyklardan soň şu metjitde gizlenipdiler.

Müsürliler geçen hepde howpsuzlyk güýçleri bilen gyrakladylan prezident Muhammad Morsiniň tarapdarlarynyň arasynda bolan we 700-den gowrak adamyň ölümine getiren çaknyşyklardan soň has kän zorluk-süteme duçar bolýarlar.

AFP habar gullugy Içeri işler ministrligine salgylanyp, anna güni «Musulman doganlygynyň» müňden gowrak goldawçysynyň tussag edilendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG