Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Metjidiň daşynda atyşyk gidýär


Kairdäki çaknyşyklardan soňky weýrançylyk
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:04 0:00

Kairdäki çaknyşyklardan soňky weýrançylyk

Müsüriň howpsuzlyk güýçleri öten agşam yslamçy protestçileriň gaçyp atan metjidine girdi. Şenbe güni çykan habarlarda howpsuzlyk güýçleriniň Al-Fateh metjidiniň böleklerini «Musulman doganlygynyň» goldawçylaryndan arassalandygy aýdyldy.

Protestçiler anna güni bolan we 80-den gowrak adamyň ölümine getiren çaknyşyklardan soň şu metjitde gizlenipdiler.

Esgerler protestçileriň doly tabynlygyny gazanmaga çalyşýarlar. Şeýle-de olar režime tarapdar mähelläniň hem metjide girmegine ýol bermeýärler.

"Elini gana boýanlar"

Kairde daşy gabalan Al-Fateh metjidiniň içinden 17-nji awgustda Al-Jazira telewideniýesine telefon arkaly interwýu beren Omaýma Halawa ol ýerde hiç kimiň howpsuz däldigini, harbylaryň metjidiň içinde hem tüpeň atýandyklaryny aýtdy.

Müsür hökümetiniň wagtlaýyn pemýer-ministri Hazem el-Beblawi 17-nji awgustda Kairde guralan metbugat ýygnagynda çykyş edip, şeýle diýdi:

"Elini gana boýanlar bilen barlyşyk bolmaz. Ýurduna garşy, halkyna garşy ýarag göteren adamlar bilen ylalaşyk bolmaz. Kanuny bozanlar bilen ýaraşyk ýok."

Müsürliler geçen hepde howpsuzlyk güýçleri bilen gyrakladylan prezident Muhammad Morsiniň tarapdarlarynyň arasynda bolan we 700-den gowrak adamyň ölümine getiren çaknyşyklardan soň has kän zorluk-süteme duçar bolýarlar. AFP habar gullugy Içeri işler ministrligine salgylanyp, anna güni «Musulman doganlygynyň» müňden gowrak goldawçysynyň tussag edilendigini aýdýar. Olaryň 558-si Kairde tussag edilipdir.

Morsä garşy protestçiler we polisiýa al-Fath metjidiniň daş işiginde, Ramses skweri, Kair. 17-nji awgust, 2013.
Morsä garşy protestçiler we polisiýa al-Fath metjidiniň daş işiginde, Ramses skweri, Kair. 17-nji awgust, 2013.
Howpsuzlyk güýçleri çarşenbe güni Morsiniň goldawçylarynyň iki oturma lagerini dargydanda, 600-den gowrak adam öldürildi. «Musulman doganlygynyň» bu ýagdaýa reaksiýa bildirip, tarapdarlaryny «Anna gazabyna» çagyrmagy bolsa ýene adam heläkçiliklerine we tussag etmelere alyp geldi.

Emma «Musulman doganlygy", gandöküşiklige garamazdan, protestleri dowam etdirmegi wada berdi.

Halkara ýazgarmalary

Howpsuzlyk güýçleriniň protestleri zor bilen basyp ýatyrmagy Müsüriň harbylarynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ýazgarylmagyna getirdi.

3-nji iýulda Morsini iş başyndan aýryp, ýurt başynda geçiş hökümetini oturdan hem şol harbylardy.

Adam hukuklaryny goraýan «Amnesty International» topary howpsuzlyk güýçleriniň protestçilere garşy gören çäresini düýpden ýerliksiz hasaplap, şu hepde bolan gandöküşiklik boýunça doly we bitarap derňew geçirilmegine çagyrdy.

Düýbi Londanda ýerleşýän guramanyň beýanatynda şeýle diýilýär: "Başlangyç görkezmelere we toplanan beýleki subutnamalara esaslanyp, howpsuzlyk güýçleriniň ol ýerde adam ömrüne hiç hili gadyr goýman hereket edendigini açyk aýtsa bolar. Onsoň bu ýerde derhal doly we bitarap derňewiň geçirilmegi zerur.”

Ýewropa Bileleşiniň döwletleri hem bu zorluk wakalaryna utgaşykly bir jogap gaýtarmagy wada berdiler. Ýogsa Günbatar döwletleri bu gandöküşikligi dilden eýýäm ýazgarypdylar. ÝB-niň daşary işler ministrleriniň bu krizis boýunça indiki hepde duşuşmagyna garaşylýar.

German hökümeti anna güni fransuz prezidenti Fransua Olland bilen geçiren telefon gepleşiginden soň, kansler Angela Merkeliň german-müsür gatnaşyklaryna gaýtadan nazar salmaga taýýardygyny aýtdy. Germaniýa Müsüriň iň uly söwda partnerlarynyň biri bolup durýar.

Goldaýanlar-da bar

Emma Saud Arabystanynyň patyşasy Abdylla Müsüriň «terrorçylyga we bidüzgünçilige» garşy göreşini goldaýandygyny aýtdy.

Birleşen Arap Emirlikleri we Iordaniýa hem harby tagallalara goldaw bildirdi.

Birleşen Ştatlar penşenbe güni Müsür bilen planlaşdyrylan bilelikdäki harby maşky goýbolsun etdi we amerikanlary bu ýurdy terk etmäge çagyrdy.

Müsüre ýylda 1.5 milliard dollardan gowrak kömek berýän Waşington goşmaça çäreler barada hem pikir edýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG