Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Elektron kitaphana döredilýär


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow ýurduň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalaryň bitewi elektron ulgamynyň döredilmegi baradaky karara gol çekdi.

Türkmen döwlet habarlarynyň anna güni geçirilen hökümet maslahaty barada çap eden maglumatynda aýdylmagyna görä, şu günki gün Medeniýet ministrliginiň garamagynda 230 kitaphana bolup, olarda on milliondan gowrak kitap saklanýar.

Şeýle-de maglumatda diňe şu ýylyň ýedi aýynda ol kitaplardan 2 milliondan gowrak adamyň peýdalanandygy aýdylýar.

Wise-premýer B.Nurmyradowanyň täze proýekt barada beren hasabatynda aýdylmagyna görä, döredilýän bitewi elektron ulgam ýurduň 76 sany merkezi kitaphanasyny birleşdirer we elektron neşirlerden peýdalanmaga mümkinçilik berer.
XS
SM
MD
LG